Yeni Sayfa 1

Untitled web-page

  Güncel

  Öğretmenlerimiz

  Balkanabat

  Haberler

  Olimpiyatlar

  Makaleler

  Şiirler

  Türkmenistan

  TCS Sınavı

  YÖS Sınavı

 

 MENÜ

 Siteyi Tavsiye et

 Meslekler Rehberi

 TCS Sınavı

  *Spor-Puan Durumu

 Ziyaretçi Defteri

 Oku /Yaz

  Sitenizesayac

Son Dakika   Balkanabat Türkmen-Türk Lisesi,dünya standartlarında eğitim veren okullardan birisi olmanin gururunu yasiyor,her yil bilimde dereceye giren okulumuz ögrencileri bu yıl Türkce olimpiyatında ve düş çizgisi bilim buluş yarişmasinda bir Altın ve bir  Bronz madalya aldı. 

Yeni Sayfa 1

YÖS KALKTI...
Okulumuzun Eğitim Ka...
Wireless Network oku...
2009 TCS'liler...
2009-201 0 EğitimYıl...
TCS 2009 Türkmenista...
Eziz Kütceyew 2009 U...
7.Türkçe Olimpiyat H...
Nokat(.)...
Alada...
TTnet ve vitamin...
Mini Ralli...
Resimlerle Balkanaba...
Bilgisayar Olimpiyad...
EMEPYA...
Sevgi dili Türkçe...
TÜRKMEN HALISI...
ilim ve bilime bakış...
KASEM (AND)...
TÜRKMENISTAN`IN MİLL...

>Resimlerle Balkanaba...
>TCS 2009 Türkmenista...
>TÜRKMEN HALISI...
>Okulumuzun Eğitim Ka...
>EMEPYA...
>Türkmen-Türk Kardeşl...
>Bilgisayar Olimpiyad...
>Türkmen Takıları...
>Eziz Kütceyew 2009 U...
>Türkmen milletinin s...
>Mini Ralli...
>Türkmen milli musiki...
>7.Türkçe Olimpiyat H...
>TÜRKMENISTAN`IN MİLL...
>Sevgi dili Türkçe...
>TTnet ve vitamin...
>Nokat(.)...
>ilim ve bilime bakış...
>Türkmenin tarihi yol...
>KASEM (AND)...

-Nokat(.)...

Yeni Sayfa 1






Untitled web-page

Alada

"Şükür" diýip, ol uludan demini aldy.Hawa,dünýäniň hysyrdysy,etsem-
goýsamy adamy ýadadýar."Ony etjek, muny beýtjek"diýip ýörşüne,käha- latlarda,oturup,tebigaty synlap,dynç alasy gelýär adamyň.Şeýdip howlula- rynda oturyp dynç alaýmasa Salyhyň kän bir eli hem ýetip baranokdy.
İkindi wagtydy.Gün gyzaryp,özüniň biraz salymdan ýaşmakçydygyny ha- bar berip durdy.Günbatardan öwüsýän şemal ýüzüňi sypap,kalbyňa sergin- lik berýärdi.
Salyh ýaňy işden ýadap gelipdi.Ol şu wagt howlularynda ikindiniň gözelli- gini synlap,ýüzüni şemala garşy tutup,dynç alyp otyrdy.
Ol pikir ummanyna çümüp otyrka obanyň ilerisinde ýaşaýan goňşulary Mämmet agalaryň düýesi edil örä gelen ýaly howlynyň içine girip gaýdy- berdi.Salyh: "Şolara düýäňizi daňyp goýuň diýip haýyş edipdim. Daňman- dyrlar."diýip, içini gepletdi.Mämmet aga birneme gahary hem geldi."Sabyr edeýin,belki özi hem çykyp gider"diýip,garaşmaga başlady.
Bu düýe öňem Salyhlaryň howlusyna,hatda, goňşy-golamlaryň-da howlu- laryna girip,baglary iýip,suwlara agzyny sokupdy.Şonda Salyh Mämmet aga laryň öýlerine baryp,töwella edipdi.
Düýe haýwan bolýar-da.Janawar näbilsin onuň seniň agajyňdygyny ýa-da içjek suwuňdygyny.
Salyh ýerinden bytnaman düýäniň hereketlerini synlaýardy.Düýe ilkibada durdy.Tanamak isleýän ýaly howlynyň içine göz aýlady.Gözi ýaşyl ýaprakly alma agajyna düşdi.İndi oňa başga zat gerek däldi.Göni şoňa tarap ugrady. Baryp ýapraklaryny iýmäge başlady.
Owaldan bäri düýäniň hereketlerini sabyrlylyk bilen synlap oturan Saly- hyň sabyr käsesi doldy,gany beýnisine hüjüm edip başlady.Ýanynda duran içi suwly kündügi eline aldy.İşdämenlik bilen ýapraklary gemirip duran dü- ýäniň ýanyna ýakynlaşyp,elindäki kündügi gahar-gazap bilen düýäniň boý- nuna urdy.Düýe janawar edil çalman ýaly ýykyldy.
Salyh gorkupdy.Ähli zat örän çalt bolupdy."Eý-waý,indi mäme bolarka!?" diýip,ol daş-töweregine garaňjaklady.Gözi goňşulary Durdy aga düşdi.Ol wakany başdan-aýak,Salyhyň ondan habary ýok,synlap durdy.Salahyň ony görmegi bilen ol hiç zat bilmänsirän bolup,öýüne girip gitdi.
İndi Salyh ýerde ýatan düýe bilen ikiçäk galypdy.Ýüregi diňe çep tarapdan däl,eýsem,sag gapdaldan hem urýardy."Haý,Allanyň belasy!Başyma gelen- leri bir görsene!" diýip aljyramaga başlapdy.
"Munuň iň bolmanda damagyny bir çalaýyn"diýip,öýe girip,eline pyçak alyp çykdy.Düýäniň ýanyna ýeteninden soň durup"Wiý,Mämmet aga näme diýer?Gowusy habar bersemmi?Aý,onuň hem näme diýjegi belli däl" diýdi. Näme etjegini bilmän ýatan düýäniň daşyndan aýlanmaga başlady.
Gün ýaşypdy.Bu bolsa Salyhyň peýdasynady.Öten-geçeniň gözüne ilip du- ranokdy.
"Edeniň bar bol-a!"diýip,ol hemişeki oturýan oturgyjynyň üstüne çökdi.Eý- ýäm ol bu wakany Mämmet aga habar berşini,Mämmet aganyň oňa gahar- lanyşyny...göz öňüne getirip otyrdy.Hatda,düýäniň bahasyny hem hasap- lapdy.
Şeýdip gama batyp otyrka düýe ýuwaşjadan bir aýagyny gymyldatdy. Soň- ra gözlerini açdy.Ýatyp galyp,işine gijä galan işçi ýaly darka ýerinden turdy. Bir zady ýadyna salmak isleýän ýaly bir salym durdy.Soňra uzyn-uzyn bozla dy.Salyhyň ýüregine suw serpilipdi,onuň begenjiniň çägi ýokdy.
Düýe gelşi ýaly gapydan çykyp gitdi.Şondan soňra şol düýe Salyhlaryň tö- wereginde hiç haçan görünmedi.

Döwrangeldi Gaýypgulyýew 10"B" synpy.



























 

Sayfayı Yazdır

Untitled web-page
Tüm Yorumlar - Yorum Ekle
Yeni Sayfa 1

BALKANABAT TÜRKMEN-TÜRK LİSESİ TÜRKMENİSTAN | BTTM |TTM|TTL|-BALKAN TTM-TÜRK OKULLARI-TÜRKÇE
Türkmenistan Balkanabat Turkmen-Turkish High School Engelleri Egitimle Aşacagiz ! Dünya Dursun Türkmenistan Dursun.Dünya standartlarinda Egitim.
www.balkanttm.com
E-Mail : iletisim@balkanttm.com
 

Vekilhost un katkilariyla